Näbelli şahyrdan erkin terjime

Soranmyşyn durmuş bir gün
hakykatdan göni jogap -
''Näme üçin adam ogly
gaçýar senden okap doga,
emma meni kowalaýar
tutjak bolýar daşym gabap?

Durmuş biraz dyman ilki,
soňra diýen – ''Sebäbi sen,
näme bolmak isleseler,
bol diýýärsiň, gülüm-ýalym,
durşuň bilen mümkinçilik,
durşuň bilen haly, kilim,
gelip irden, säher çagy,
olaryň öz sypatynda,
gujak açýaň päkkä entek,
utandyryp garyň agyn...

A men aýna bolup gelýän,
onsoň olar näme etmez,
gitmez nirä gaçmak üçin
öz keşbinden, boýun alman,
galmak üçin gizläp için...''

Durmuş ýüzün sowdy, çünki
bilýärdi ol adam bolmaň
iň entedip ýykýan ýeri
agyry däl, ynjy däldi,
däldi ýitgi, ýa şowuzlyk,
tapawutdy aradaky
kim bolanyň bilen seniň
kim bolaryn diýeniň öň,
agyr ýalan ýyksa, ýeňse,
hakykat däl, belki, ony
boýun almak edýär seňse...

7.05.2026.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026