Gutulyş ýoly

Bizi goýan utanç-haýa her günde,
ýere sokan mertebesin milletiň,
habarlarda ady sena dillere,
şa şahyrdy, ýeke setir çyrşaman,
baky beýik, pesiň pesi bolsa-da,
öldi bir gün, begendirdi ilini,
emma gazan çukuryndan çykmadyk,
çekdik beter bir-biregi aýakdan,
diýmek, ýetim däl ekeni mesele,
ýa-da alan ene-ata tälimin,
biz, megerem, galjak bolsak gutarman,
ulus bolup düzetmeli pälimiz....

7.05.2026.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026