Ýene biri aglady

Ýene biri, birinji däl, soňky däl,
bagym diýip, bakjam diýip aglady,
ýene bir ýyl hasyl berjek, doýurjak,
göwünleri, ýürekleri, garny däl,
öýüm diýip aglady ol, näderin,
beton jaýdan halas eden, gutaran,
bir tanap ýer, eteginde şäheriň,
hassa ene, towuk saklap işikde,
goýun saklap ýaşaýardy, bir mydar,
her gün çykyp, gyrasyndan köçäniň
ýöreýärdi, herekete - bereket,
şükür edip, garaşýardy her hepde,
agtyklarym geler diýip dynç güni,
Alla, ýurdy, ýeri, suwy, howany,
nädip beýle gymmat etdiň, bahasy
dawa salnan ömür bilen ölçelýän,
ýene biri, ýok, ýeke däl, goňşular,
şäherdäki ogul-gyzlar içinden,
ýa daşyndan, gözün gizläp aglady,
diňe bag däl, umytlary, arzuwy,
kanunlara ynamlary çapylan,
diýdi ene seret, ine, şu bagym
birinji ýyl miwe berýär, sapylan...

7.05.2026.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026