Poslan azal
Eger saňa hemme kişi hemişe
çynyny däl, ýalan aýtsa, seni däl,
özüni-de aldan bolup, sebäbi
döwlet satsa gije-gündiz ýalany,
ýazyjyny, žurnalisti sylaglap,
näçe ýalan sözleseler, köp sözli,
köp gaýtalap boş, manysyz gepleri,
güwlär ýaly adamlaryň gulagy,
çişer ýaly beýnileri, saýgaryp
bilmez ýaly sagy bilen soluny,
tapawudyn dogry bilen galadyň,
sen goýarsyň ynanmagy özüňe,
mesele şu, aýdylan bu kän ozal,
adam adam diňe daşdan, ýerinde
oky duran, demrin pos iýen azal...
4.05.2026.