Ýagşy söz
Seniň ýaly adamlar,
bäş millionda bir bolar,
ýa-da bolmaz onlarça ýyl,
öz iline yhlas eden,
galamyny goýman elden,
ýa-da bolar iki sany,
eger seniň ýanýoldaşyň,
çagalaryň ejesi,
otuz ýyllap igenmese,
çykan ýaly bijesi,
ýat illerde, sessiz aglap,
görüp bilmän ejesini,
görüp bilmän kakasyny,
taşlap gelip eziz işin,
diýdi biri, ýat, keseki,
diýdim huş däl, bu meň düýşüm.
A soň diýdim öwgüli söz
ýakjak eken maňa-da,
eh-eý, millet, diýdim diňle,
bu degişli saňa-da,
öwür ýüzüň bize garşy,
besdir, bildiň başyň egip,
egmesiziň öňünde,
başyňy eg diýmeýärin,
diýmeýärin ýalan sözle,
diý bir gezek dogry sözi,
edil kemsiz bolmasa-da,
gülsün ogluň ýüzi, gözi...