Üç ýazyjy - üç görüş

Ilki biri gep ugruna,
söz ugruna diýen ýaly,
maslahata, ýalňyşmasam,
on bäş gezek çagyryldym,
sylap bildi ýaşulymyz,
diýdi gitdim ýurt daşyna,
on üç gezek uçarynda,
döwletbaşy galdyrmady,
nirä gitse, aldy ýanna,
işleklisin iýdim gökde,
bulutlaryň ýokarsynda,
keýpi başga bolsaň sanda,
ýerde hana, bege bişen
çebişleri iýdim aýnap,
içdim gowy içgileri,
soň eşitdim özi adym
goşdurypdyr sanawlara,
soňky pursat, galan bolsam,
başga hormat dilemezdim,
ýene-de bir ömür alsam...

Soňra biri beýlekiniň
gürrüňini etdi arly,
gahar bilen, kine bilen,
kän sapara gitdi diýip,
başlyk bilen, hil bir adam,
gezdi gowy nahar iýip,
şahyrmyşyn, ýazjymyş,
akja köýnek, penjek geýip,
kimmişin ol, nirsi artyk,
bir başaran, ökde zady,
el ogşady baryp ýortup...

Ýöne biri diýdi ozal
sowetleriň boş ýygnagy,
soň Saparyň samsyklygyn,
dowam eden iküç sagat,
ýylyň-ýyly, bir, iki däl,
diňlemeli boldum dymyp,
'hä' bermeli boldum hatda,
bilip nirden çykjagymy,
ömrüm iýdi el çarpylýan
ýalançylyk, utanýaryn,
ýazyp bilmän ýazjagymy,
aýdyp bilmän aýtjaklarym,
dogmaz oglan galdy içde,
ýyldyz bolup parlajakdym,
gara garnym üçin öçdüm...

4.05.2026.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026