Psihologyň maslahaty

Eger-de sen kömek etsem,
kyn gününde dursam ýanda,
elim bersem ýykylanda,
ýa diňlesem derdin, iller
gaçýan wagty sähne diýip,
ol, bu maňa wepaly bor,
ygrarly bor diýseň gaty
ýalňyşarsyň, ýagşylygy
etdigiňçe seresap bol,
itjek, depjek ýykylmankaň,
iň bolmanda gybat etjek,
töhmet atjak kän bor gaty,
edip bilmän edenleriň,
galyp bilmän seň deňiňe,
duýup özün pes, günäkär,
pikirinde, beýnisinde
peseltjek bor seni aşak,
öz deňine, ýa has pese,
hem ynanar täze tapan
deliline, kim ol diýip,
aňsat bolar ýaly seni
satmak arzan, çem gelene,
hiç kim edip gitmek taşlap,
iň ýamany olar ertir,
gerek bolsaň, geler ýene,
sen şol öňki oglan ýaly,
dogan ýaly dogan bolsaň,
ýa dost ýaly, kärdeş ýaly,
gerek zadyň alyp bolýan,
diňe gowy ýylgyrmaly,
adam odun eder şeýdip,
ertir gerek boljak saly...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026