Ýykylyp ýykan pälwanlar

Baýlar-a bähbidin arar, pukara hupbul watan. Kemine

Ene-ata on müňlerçe,
keseki däl, gara gözüm,
ýüz müňlerçe halka garşy,
aç-hor bolan, göreşýärler,
hökman eli ýaragly däl,
dymýar olar dymmasyza,
öwýär olar öwmesizi,
sögýär olar sögmesize,
ogul-gyzyn öňe itip,
alar ýaly aňsat awun,
tanyş bilen, para bilen,
üpjün edýär açyk ýolun,
çagasyna diýip ýalan,
ýa çyn bilen gyzyklanma,
ýapma özüň gitjek ugruň,
ýurdum oda berenlerden
gaçdym, emma duýýan howrun...

Açyk, dury diýip asman,
açyklyga garşy olar,
garşy olar metbugata,
durup zulum tarapynda,
söz hukugy alnan iliň,
otly şarpyk çalnan iliň,
ýüz-gözüne bakmaýarlar,
durmaýarlar arkasynda,
raýdaşlyk köne gürrüň,
on müňlerçe ene-ata,
diplom alan, ýaşan ýalan,
ogul-gyzyn öňe itip,
wezipeli etmek üçin,
aýlykly däl diňe gowy,
günlügi kän, ütmek üçin
tutulmadyk guşun iliň,
uzak ýyllar galar ýaly,
ýok, gerek däl açyk gapy,
dilde bolsa bolsun, ýöne
iş ýüzünde hatarly bu,
iller ýaly derin dökmän,
bil agyrtman alar ýaly,
artyk gerek ol topara,
hem gerek däl kanun, özi,
ogly gitse kän sapara,
gyzy gitse kän sapara,
söwda etse, ýa dynç alsa,
bolýar diňe özi galsa...

Bilinmeýän zat ýok içde,
goňşy-golam pyşyrdaýar,
görünmeýän zat ýok daşdan,
ýyllar boýy daşarda är,
ýa-da ene, çagasyna
sessiz aglap, pul iberýär,
on müňlerçe ene-ata,
dilin-başyn çeýnäp toýda,
din-imanly 'hä' berilse,
Alla berýär diýýär bize,
ýöne haka ynanmaýar,
meýlis gursa çykyp düze,
saýýar özün ösen, ýeser,
käbirleri surat çekýär,
käbirisi ýazýar eser,
waspyn edip döwrüň, gözel,
ajap eýýäm geldi diýip,
Pyragyny çolap dile,
kemsinen il diýip, belki,
çyny bilen edýär dileg...

Hakykaty gözläp çykyp,
ýat illerde entänlere,
çynyn aýdyp ölýän ogla,
ýitýän ogla, belli nädip,
dek gezmeli diýýär olar,
gülýär olar ýykylana,
ýa bilmedik bolýar muny,
on müňlerçe ene-ata
ýüz müňlerçe ene-ata,
halka garşy göreşýärler,
gowy diýip iliň güni,
çaý-çöregin tapmasa-da,
diýmeýärler diýmelini,
diýip boljak wagty hatda,
gaýgy edip ogul-gyzyn,
wezipeli, gowy ýerde,
ýyly ýerde ornaşmaly,
ýa ýerleşen ýaňy baryp,
alar ýaly hakyn aňsat,
şeýdip garyp galýar garyp,
agyrlaşýar ýurduň haly,
iň ýokarda ýokarkylar,
agzy altyn çemçeliler,
iň aşakda öňki hanyň
garamaýak diýýänleri,
aralykda çemeçiller,
iň aşakdan ýokarrakda,
ornun tapan durmuşdaky,
göreşýärler, garaşýarlar,
bu bir emel galjak baky...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026