Gijigen goldaw
Gerek wagty, belki, medet bolardy,
çagalarym, enem, atam ýeke däl,
ýene-de bir bugdaý sözün alardy,
bugdaý nany ogurlanan milletiň,
ýat illerden gelen ýüň saçak saçak,
söz gerekdi, başga zat däl ülkede,
çöregimiz dilemändik kişiden,
dawa salan wagty ganym başyma,
il ogludy ozal, bolmanka gaçgak,
duz iýişen uzak, hatarly ýolda,
gören çetin dowzahynyň KGB-äň,
aýdylmaly wagty, aýdylýan wagty,
agzy bilen ýüregine bitýärkä,
gyşda gar dek, bir jümläni gysganan,
howpsuz ýerde, özün bilip, keýpi kök,
goldaw berse çykyp, geläýjek ýaly,
agzyndaky aşyn alaýjak ýaly,
öňki bolmaz ölse öňki diýleni,
öň kommunist, indi musulman bolan,
beýlekiler nobat gurup sözlese,
boşatmaly diýse, efire çykyp,
işi kändi, golaýlaman, goşulman,
namaz okap, haka sygynan bende,
ýyllar geçip, diýýär kitabym çykdy,
alsaň, seniň türmä düşüşiň hakda
ýazan möhüm makalam bar içinde,
wah, men ony näme edeýin indi,
gerek wagty, buz öwüsýän hüjrede,
üşän gijäm possun boljakdy jinde...