Ejizlik
Onuň beýnisini alypdyr arak,
ýa başga zat, bilmedim.
Barsaň, şol bir zady gaýtalap otyr,
top-tüpeňsiz, zoraýakdan diňledip.
“Bes et, gutar” diýip, turup bolanok,
sebäp eziz adam, okuw-bilimli.
Işden kowupdyrlar, horlapdyrlar kän,
sabyr-takadyny kesip, dilimläp.
Halallyga, gowulyga ynanan,
hem gowulyk etjek bolan iline,
ýek görülýär hemem kyhlanýar käte,
terrorçy deý bomba guşan biline.
Ýadapdyr, ýok, halys bolupdyr, anyk
bilýäň muny başdan geçensoň bary.
Şeýle bolýar: emel ýetse nadana,
özünden artykdan çykarýar ary.
Şeýle bolýar: okan, ýüregi gowy,
göwni näzik adam urulsa ýüzne;
içýär, ýa-da sessiz aglaýar soňsuz,
görýäň muny siňe seretseň gözne...