Türkmenbaşy sindromy

Stokgolm nire, Aşgabat nire,
ýöne sindroma gezek gelende,
dag-deňizde, uzaklykda ýok many,
gorkan adam meňzeş ähli tirede,
zamun alnan meňzeş ähli taýpada,
hiç bir ýurtda bol-elinlik ýok beýle,
ähli ýerde ýeke adamyň jany,
biri çyksa, beýlekisi bar diýip,
böwrek ýaly berip bolmaýar ony,
27, 37, 40 ýaşan,
ata çyksa, dik başynda ak telpek,
sadagasy bolsam, gyrmyzy dony,
atam diýip şindem ýatlaýar hany,
ölen güni, doglan güni suratyn,
ýa goşgusyn paýlaşýarlar, şa şahyr,
bir okaýan galsa, peselmez diýip,
ýaşar diýip baky şöhrady, şany,
wah, diýýärler beýikdi ol, beýikdi,
belki, şondan öňe bakýan azalýar,
göýdük bilen gykylykçyň ýok sany...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026