Surat

Çüprän oba

Bolmajysy bolar adam,
işiň düşüp barsaň, görseň,
salam berseň adam ýaly,
boljak işi boldurmaz ol,
ýa tas bolan işi saklar,
özi üçin, başga üçin
zyýanly däl, gerek, zerur,
haýyr işi saklar adam,
görse, bilse sözi gerek,
ýeke sözi, ikisi däl,
böwet basar akjak suwa,
o tarapa, teşnä ýetjek,
öz ekinin ýakyp ilki,
çagasyna, iýjek, içjek,
ösjek, kemal tapjak ertir,
zyýan edip, bolar gülki,
utuş-utuş deregine
atyş-atyş alar öýde,
günde güni gaýgy, gussa,
soň ökünip edenine,
giden otla taýak zyňar,
bolmajysy bolar adam,
boljak işi etmez, yňar
bolmajaga, ýalbarma kän,
çäräň bolmaz, çüprän oba
biler özün has ullakan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026