Esasy mesele
Iň esasy ölmezlik,
ilim diýip ýaşlykda,
deň bolmadyk söweşde,
galam alyp eliňe,
badyhowa, ynanyp,
gowusyna ertekiň,
aman galmak birsellem
iň esasy mesele,
tanar ýaly iliňi,
görüp uly, kiçisin,
iş salyşyp, aldanyp,
agzyň bişse kän gezek,
kän hasaňy aldyrsaň,
ölmän galsaň itseler,
üýşüp gelip arkaňdan,
uçsaň uçutdan aşak,
bolsa çöregiň bitin,
gynanmarsyň beýle kän,
näçe bolsa ýer gaty,
gögermese ekini,
ot tapmasa malyna,
iň gowusy bolmazlyk
hassalaryň hassasy,
tanaýançaň halkyňy,
hem ölmezlik öleňde,
bir gezek däl, on gezek,
wah, kömegim ýetmedi
diýip ezilen ile,
öz-özüne al, hile...