Düýşdäki çekişme
Ýüzbe-ýüz däl, internetde,
käsi ýüzün açyp, göni,
beýlekisi açman ýüzün,
gürrüň edýär il derdinden,
hemmesiniň päli gowy,
niýetleri ýurda gitmek,
hyzmat etmek öz halkyna,
ýat illerde entäp ýörmän,
aýlyk diýip, günlük diýip,
iň azyna iş hakynyň
kaýyl bolman, başyn egmän,
çekmän näme diýilse, gep,
bilýär bary, ýaralaýar,
agyr örän, gutulmak kyn,
ýurdum ýok-da yzda diýmän,
halkym ýok-da diýmän bile,
deň çekişjek döwrüň ýükün,
bir-birine için döküp,
edýär olar gürrüň kökün...
Biri diýdi derdi beren
dermany-da berermişin,
gowusy biz daşa gitmän
kesgitläliň iň esasy,
iň bir agyr derdimizi,
soň dermanyn gözläliň oň,
bir kelleden iki gowy,
näme üçin bolduk beýle,
bu aýralyk, görüp ýörüs,
köpüň günün etjek öýle?..
Baş derdimiz men-menlik-le,
gedemlik-le diýdi biri,
ýüzün açman, sesi agyr.
adymyza mynasyp biz,
türk men diýip buýsanýarys,
emma ne türk, ne-de men bar,
basyp alan ýok etdimi,
ýa özümiz, ýok etjege
gol uzadyp, kömek berdik,
arak görsek, börek bolsa,
tirýek bolsa, suw meýilli,
kelle döwüp, pikirlenip,
iş etmeli bolsak gaçyp,
ýer gözleýäs bukulara,
bir gysym gum bolýar gaçy...
Bahyllyk-la diýdi biri,
baş derdimiz, başyn ýaýkap,
ýüzün görme diýipdir-ä,
bilipdir-ä şahyr aga,
ilki kimden çekinmeli,
çekilmeli görüp, tanap,
basyrylgy göriplik kän,
aramyzda itýän yza,
öldürýär ol bizi gynap,
geçirmeýär aňsat sana...
Dogan dogan bilen duşman,
başga halka seredende,
içigara, göýdük-laý biz,
iň erbedi etmek puşman,
ýa ökünmek aýyp bize,
gitmeli biz egri agaç,
ýarsgynyna, tobasy ýok,
boýun alman, şu sebäpden
bu türkmeniň ýeke abat,
birje düzüw obasy ýok,
şäheri ýok, baryp, çykyp,
açyk gürrüň edip bolýan,
soň türmä däl, öýe tarap
gypynç etmän gidip bolýan...
Iň esasy gylyk näme,
ýoldan sowan, saklan bizi,
gelip-gelip şu çukura,
gara gorpa oklan bizi,
atsyz, ýöne görenimiz,
ýüzügara ýigrenç ýaly,
ýylgyrýarys, emma ýalan,
çykýar käte bir söz bilen,
unutmak kyn bir eşitseň,
tisginýärsiň, näme etdim,
gynanýarsyň, el bereniň,
ýykylanda galdyranyň
beter urýar agyrýanyn
bilse gelip haýsy ýanyň...
Döwlet bolduk, garaşylan
garaşsyzlyk gaçyrýar-la,
bir gideniň geljegi ýok,
ugrun tapan galyp daşda,
durjak bolýar uzak, uzak,
sebäbi ýurt duzak, duzak,
gapan diýýär sorasaň kim,
türkmen bolsa biri-birin
sylaýan ýok ýat ilde-de,
bary müňkür, kiçi dilde
gürrüň eder, sebäbi biz
galan ýaly läbik silde,
ýüz-gözümiz ýuwalyň-la,
ýuwalyň-la pälimizi,
gahar etmän, sowukganly
aýdyp, diýip dälimizi,
dikeleliň, besdir, ýeter,
ýogsa soňy hatar beter...
Pikir etdim nädip, haçan,
kim nirede näme eder,
edip biljek gepden başga,
-maly, -meli aňsat ýeri,
diýjek boldum, dikläp başym,
''Turjak dälmi, iş günün-ä?''
yralady ýanýoldaşym...