Akylly samsyk

Robert Musiliň äheňinde

Eger adam akyl, huşun,
bilimini, düşünjesin,
guýy gazan ýaly iňňe,
oýmak bilen gije-gündiz,
ary ýaly gülden-güle
gonup, arman toplan balyn,
dür dänesin berjek bolsa,
sowgat edip, daşyn dolap,
iň azana, iň ahlaksyz,
üç-dört ýüzlä ýa akmaga,
eli gelen, kürsüsi bar,
iş gerek-dä diýip maňa,
mätäç bolup, keýpine däl,
gara başyn satyn alyp,
ýa-da diýip dogan-gardaş,
tire-taýpam kösenmesin,
bir özümi, at-derejäm,
mertebämi pikir etsem,
azan bolar azan bilen,
akmak bolar akmak bilen,
özünden öň öljek, belki,
ady galar ýaman bolup,
ak işde däl, päk işde däl,
gara işde, eli ganly,
ýüzi gara bolar nepe,
gepe çapan iki günlük,
han, beg bilen bolup şepe...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026