Geler soňy gyşyň, garyň

Gazawatda gyrdy duşman,
gyrdy duşman Gökdepede,
ýer-ýurdumyz almak üçin,
gyrdy duşman Garagumda,
gazamada salmak üçin,
dilimizi, dinimizi
gara ýere çalmak üçin,
ýüregimiz bardy, öldi,
içen bolup ýalan güldük,
öz-özümiz aldan bolduk,
bile-göre bolýan zady,
ruhuny goýup ahyr,
ýygnaýança bar sülsadyn,
belki, bize eli ýetmän,
gitdi duşman, indi üýşüp,
öz-özümiz aldaýarys,
talaýarys bir-biregi,
goragsyza gülen bolup,
öňem dünýä gelen bolup,
bilinmezi bilen bolup,
galan gylyk gidenlerden
ýagy etdi ýurda bizi,
bilýänimiz talaňçylyk,
öldürýäris mal-mülküni,
hak-hukugyn goraýany,
soraýany soragyny,
bogman içde, çaga ýaly,
düşürdilýän ulalmanka,
ýöne hemme çaga ölmez,
galar diri bir, ikisi,
ýa üçüsi, ene-ataň,
agalaryň ganyn sorap,
turjak ýerden, ynanýaryn,
senem ynan, ýat illerde,
geler soňy gyşyň, garyň!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026