Ýeke gahryman
Güýçli ýaly görünse-de,
ilin itip düýsüz gorpa,
özi ýaly satlyk bilen,
wezipesin satyn alan,
türmä gidýän soňra tyrpyp,
güýçli däl ol, talanan il,
ne işi bar, ne aýlygy,
işleýäni işsizden hor,
görünse-de agzy ala,
öz-özüni heläk edýän,
Alla diýip, içe gidýän,
daňýan elin, aýagyny,
bilmän hakyn, hukugyny,
sorap bilmän bilenini,
kanunlary bozup, bozman,
türmä girip çykan kileň,
ýa-da berip galan para,
bergi-borçdan bagry ýara,
ejiz ýaly duýulsa-da,
görünse-de gowşak gaty,
gowşak däl il bilse, görse,
güýç-gaýratyn, kuwwatyny,
sanap iýen taýaklaryn,
gije-girim ýatman, turup,
tapyrdatsa aýaklaryn,
iki-üçden üýşüp durup,
gaçar ogry, jümri ölüp,
dowul düşüp ýüregine,
diýdi biri o gün gülüp,
soň seretdi gapdalyna,
görse gaçyp barýar dosty,
puşman etdi gürlänine,
agşam ýatsa, gara basdy...