Syýasatçy hakykaty
Syýasatçy, ýa däl, başga
iş tapmaly adam derrew,
ýa kesmeli zyýanyny,
bütin ile, ýurda berýän,
belli dosty duşman etse,
men-menlikden ýa keýpine,
bilmän näme edýänini,
görmän nirä gidýänini,
soramasa bilmeýänin,
gürleşmegi öwrenmese,
duşman bilen dosty ýaly,
ýa ýalançy bolsa açyk,
belli bolsa urup gaçyp,
soň aglaýan ýa-da gülýän,
bilmän nämä gülýänini,
aglamaly näme üçin,
syýasatçy, adam ýa däl,
gizläp bolmaz bolmajagy,
dil açdyryp, gygyrar päl...