Pikirdeş pirimi
Men bu ýola gelip, entäp,
ene-atamy agladandan,
ýurtdan aýryp çagalarym,
geljek bolsa yza gaýdyp,
ýolun ýapyk dag edenden,
aýlyk alyp hökümetden,
işleýänden ýanmaýaryn,
ýa atýandan açyk töhmet,
gazetlerde ady bilen,
näme üçin, hemmä belli,
bilen biler, bilmedik hiç,
men ýanýaryn dogan oýnun,
dost oýnuny oýnanlardan,
ýa oýnandan kärdeş oýnun,
pikirdeşiň oýnun, belki,
bilmez, görmez diýip içden
eden gara pikirlerin,
hemem örän utanýaryn,
kim-kim bilen ýoldaş boldum,
ýolda duşup, alaçsyzdym,
ýüregimi açdym käte,
bir maňa däl, iline däl,
öz-özüne ýedi ýada...