Çagalardan ar alma!

Sen döwletde gowulyk,
abadanlyk isleseň,
dogry sözli adamy,
gündiz eliň çyraly
gözläp tapyp urmarsyň,
öldürmersiň dogruçyly,
ýa etmersiň dymar ýaly,
ýa etmersiň gaçar ýaly,
başyn alyp, başarmasa,
ýat illere Alla diýip,
sen döwletde düzüwlik,
rahatlyk isleseň,
uruş däl-de üst örtüli,
arman ekýän, ahmyr ekýän,
gahar ekýän bag ýerine,
kast etmersiň dogry sözlä,
ar almarsyň çagalardan,
gaçan bolsa, tapyp gözläp...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026