Gerekli kerlik

Sen ynamyň ýitirmekden adama,
igletmekden oglan bolup iliňe,
milletiňe yhlasyňy, garaşyp,
hiç kim gelmän aman galsaň, tanasaň
giň dünýäde, adamlary adamdan
gaçýan gara galyplara sygmadyk,
gorkýan içden gelenini aýdandan,
gülmegi däl galak ile, darlyga
diňe içden ýylgyrmagy öwrenseň,
kän geplemän oturmagy ýa diňe
geçjek gepi otarmagy öwrenseň,
görüp, synlap kim nämäniň agysyn,
aglap bilmän, çydap bilmän aglaýar,
hem gizleýär gözde ýaşyn, dammadyk,
özi bilmän ölen, galan ýerlerin,
durmuş beýle agyr bolmaýan eken,
bilseň, görseň görýän zadyn körleriň,
ýa eşitseň eşidýänin kerleriň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026