Kanunalaýyklyk

Saňa goşgy ýazdyrmazlar, eliňe
kakar eli ýeten, ýa dili bilen
ýüregiňi bulajak bor betbagt,
bahyllykdan boýy, bili bükülen,
wezipe-orunly, ýa entek tagt
diňe arzuwynda, düýşünde barlar,
ýa ýazan goşgyňy okamaz ýaly,
ýetirmeziň ýaly iliň-günüňe,
herki zady synag eder, çytraşar,
başga näme etsin ýüregi darlar?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019