Il derdi

If all you have is a hammer, everything looks like a nail. Abraham Maslow

Eger çaga çekiç berseň,
çüýdür öýtse ähli zady,
depesinden eňtermeli,
günäsi däl oglanyň bu,
belki, seniň ýazgygyň bor,
uly bolup görkezmeseň
haçan, haýsy ýerde nädip,
näme üçin ulanmaly,
ýa gul näme, gural nämä
gerek, adam ak girse-de,
aň girmedik bolar käte,
ulalsa-da oňalmadyk,
garrasa-da çaga ýaly,
ýetim bolsa, ýetim galar,
çagalykda şarpyk iýse,
ýa aç galsa, igli bolsa,
ýa ýaşlykda ýurdy batan,
türmä bassa adam satan,
çyksyn üç gün ýatyp, belki,
hakykatda altmyşda-da,
ýetmişde-de çykmaz ondan,
ýatlar ýörer depip açyk
gapylary, pikir etmän,
pikir edip şol bir ýerde,
sen hiç haçan gutulmarsyň,
görmän, bilmän näme derdiň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026