Adam hatasy

Sen adamy duşman saýyp, dost saýyp,
ýek ýigrenme, gaty getirme golaý,
duşman diýlen çyksa birden ganymat,
dost diýýäniň çaksa ýylandan beter,
gizläp gezip päl-niýetin içinde,
soň bilersiň awusyny, zäherin,
süňňe ornan, oslanmadyk ogrular,
piri bilen dil düwüşip şäheriň,
saňa garşy müň bir duzak gurandyr,
hudaý gorap, aman galsaň, gutulsaň,
utanarsyň, müýnli borsuň soňundan,
sen adama berme artyk bahany,
hem kem berme bahasyny, peşeler
pilden güýçli bolar pursadyn bilse,
sen adamy duşman bilip, dost bilip,
hata etme bilmän çytylsa, gülse...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026