Göreşeniň ýagdaýy

Il diýeni ýok ederler birleşip,
ýa basarlar aşak, aşak bildirmän,
ýa dalajak iýmän, hor bolup, üýşüp,
ýa ýazykly etjek kän bolar diýmän,
diri galsa, bagty gelip gutulsa,
gabat gelse arkasyndan urana,
ýa durana töhmet atyp ýüzüne,
näme üçin diýmedigim diýdirdiň,
etmedigim etdirdiň-le, sorasa,
iş gerek-dä diýer iň soňky erkek,
aýlyk gerek diýer iň soňky aýal,
başlyk diýse, alajym ýok, etmeli,
düýn-öňňunam gürrüň eden halallyk,
arassalyk hakda saçak başynda,
duz iýişen dostsumakdan ägä bol,
ägä bol sen galamdaşdan ozaly,
ýeňlip gelip, ýa ýaraly, çalajan,
hossar diýip doganyňa, gardaşa
aýdyp berme gören görgiň, azabyň,
garaşar ol gözün dikip, ýa Alla,
haçan diýip hasam peseler tabyň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026