Atyş-atyşdan soňky gaýgy

Nirelerde, kimler bilen at salyp,
ýa pyýada, garym gazyp, atyşyp,
tanamadyk, bilmedigin öldürip,
duşman diýip, özi ýaly adama,
diňe ýesir, diňe tarapy başga,
maýyp bolup, el-aýagyn aldyryp,
ýa aldyrman, ýolda saçyp ganyny,
ýaralary bitip, ýa bitmez bolan,
döşi jäjek, içi möjekden dolan,
esger gaýdyp gelýär uruşdan bir gün,
gujak açyp garşylaýar obasy,
köçä çyksa, bitiren dek uly iş,
sylaýarlar ony tanap, tanaman,
toý-tomguda orun berip törlerden,
ýöne ýuwaş-ýuwaş düşünýär adam,
ýere düşýär tekejinden tümlügiň,
içindäki ak, arassa oglanjyk,
çykyp gaçýar utanjyndan daşaryk,
diýýär hudaý gora pida oýnundan,
gedaý etme, guly etme ýalanyň,
kemsinýärdi ilki başgalar alsa,
indi gaýgy bukmak ähli alanyn...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026