Gutuljmajak ýara

Görünmeýän agyryňy,
içde ýatan derdiň, gaýgyň,
ýaralaryň agzap ýörme,
gül, gürrüň et, zeýränýäni
gowy görmez dünýe, pany,
öwren bile ýaşamagy,
gitmejegi kowma, beter
gygyrar ol, gargar gaty,
ildeşiň dek, hiç borjy ýok
seň öňüňde, il öňünde,
emma hemme borçly oňa,
bergili sen, boýnuňa al,
üzmejegiň ýene gelseň,
birki gezek ýaşamaga,
belki, şondan gije, gündiz
pikir edýäň, işleýärsiň,
bejerýärsiň öz-özüňi,
ýaralaryň, bitmejek hiç,
ýene goşgy ýazdyň irden,
boljak ýaly ýazmasaň giç...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026