Bilýän we bilmeýän
Olar bilýär adamlar
geplemese gep bolmaz,
dymsa, näçe garaşsa,
köpüň derdi dep bolmaz,
şonuň üçin gorkuzyp,
susdurmaly milleti,
aç, hor edip entetmeli,
kanun, kada minneti,
töhmet bilen has anygy,
hak etmeli nähak işi,
däp-dessury adalatsyz
ulanmaly baýlar üçin,
begler üçin, gara zyndan
diňe garyp, gasar üçin,
olar bilýär, bilmedigiň
bolýan zada ýanýar içi...