Obadan gelen hat
Bu adamlar ýanyňda ýok,
bile çilim çekişmeseň,
nas atmasaň bile, içip,
goşulmasaň gep-gybata,
hehe-hehe, gülüp, göçüp,
ýoldaş bolup gidişmeseň
gutaranda odun-suwa,
toýa, ýasa ýaramasaň,
ýa at münüp, alamana
giden ýaly öňki döwür,
ýa maşynly, ýa uçarly
o bir ýurda ugramasaň,
boýun alyp durmuş talaň,
ýalançylyk ähli ýerde,
bir ýurtda köp, birinde az,
öz-özüňi aldamaly,
talamaly bir-biregi,
gul bolmalay başarmasaň,
ýok özüňki, ýa keseki,
garyp, baý ýok saklansaň dok,
aç, hor bolsaň, görme gaty,
doýan arçyn ýanyňda ýok...