Kiçijik tiken
Adam diýdi arkamda
duranyňy dag ýaly
bilýändirin, minnetdar,
wah, diýmese boljakdy,
aýdypdym öň gelýänin
ähli edýän gepiniň,
duýdurypdym bilýänim
ahli açyk sepini,
deň bolmasam deňsize,
samsyk saýyp, tükenen,
oýnan bolýan ekeni,
wagt tapmadyk wagtynda,
çykarmaly bolýar soň,
iriňledip tikeni...