Ýol kyssasy

Mesele seň gepläniňde,
dymanyňda däl kämähal,
belki-de ýok biljek muny,
ýa diňlejek, ýa düşünjek
aýdan, aýtjak sözleriňe,
dile gelen ýa gelmedik,
aýdylmadyk, aýdylmajak,
kerdigini bilip dünýäň,
gulaklary gapylan öň,
gykylykdan, top sesinden,
soň çagalar aglasalar,
ejesin ýa kakasyny,
doganlaryn tapman, görmän,
ýa-da galyp el-aýakdan,
mesele seň göreniňde,
ynanmajak zatlaryň kän,
hem söz tapman duranyňda,
ozal ýaşdyň, dünýe duýjak,
sarsjak ýaly uranyňda,
goşgyň bilen, gahar doly,
soň görýärsiň, adam bary
dowam edýär diňe ýoly...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026