Iki bolsaň
Ýüzüň iki bolsa erbet,
bir ýüzüňi gizläp mydam,
beýlekisin görkezmeli,
sözüň iki bolsa erbet,
bu birini saklap mydam,
beýlekisin görkezmeli,
aýdyp, diýip, hakykat dek,
emma ömür gysga örän,
uzak däl ol, açýar seni
gapy ýaly, ýarym açyk,
özüň iki bolsaň erbet,
ömrüň geçýär diňe gaçyp...