Gürrüňli adam
Dünýä mydam şeýle, ýene
dursa sagly, çepli bolar,
adam bolsa gürrüň eder,
gybat eder adam ogly,
gep arkasy gepli bolar,
gutarmaz ol aýdylmasa,
ýa aýdylsa, ýaryn aýdyp,
birin aýdyp goýar biri,
beýlekisi, giden gaýdyp,
geler galsa, bolsa diri,
dowam eder gürrüňini,
galan ýerden, ýa täzeden,
iň başyndan, gaty görme,
ýumşak görme, galmaz gürrüň,
ýa-da gybat, başgaçasy,
guma okla, taşla çöpe,
götererler ýerden ony,
gürrüňi ýok – adam ýokdur,
gymmat ýa-da arzan dony...