Ýazmasy aňsat düşmedik goşgy
Aç bolmalyň, hor bolmalyň,
har etmäliň çagalary,
aýal-gyzy, namysymyz,
ýurdumuza eýe bolup,
eýe bolup ýerimize,
eýe bolup suwumyza,
derýalardan akyp gelen,
bag ekeliň gorap ýurdy,
taşlap gitmän ýat illere,
duşmanymyz begenmesin,
uwlamasyn gündiz gurdy...
Ata-baba gan dökülen,
at üstünde ýa pyýada,
ýurt biziňki, talatmalyň,
sowet soňy sähnä, içen,
çeken tapan zäherini,
awy bolup beýni-başy,
urdurmalyň ýüzümize,
ýeňsämize, başlyk bolup,
kaşak bolup gülenlere,
kürsi bilen adam diňe,
yza çekip, diýýän öňe...
Adam ýaly, başymyz dik,
dur diýeliň, sür diýeliň,
arabaňy aňyrrakda,
mekdepleri ýykýanlara,
baha satyp ikilikçä,
ýumurýana ýol-ýodany,
öňe itip ýazyklyny,
toba näme, bilmejek hiç,
gözleri aç, göwni garyp,
gömükleri, gazman özün,
gazy ýaly, aryk ýaly,
gyrmançadan dolan, telper,
ýalan ýaşan adamlara,
görüp, bilip sözün, işin,
dur diýeliň, diýeliň bes,
ýok, diýmesek, näme bolýar,
nädip ölýär uly, kiçi,
görýärsiňiz, gürrüň artyk,
öz-özümiz goramasak,
ýetişjek ýok gelip ýortup...