Görseň, bilseň

Her kim özi bolup uçar,
her kim özi bolup gaçar,
guçar her kim özi bolup,
tapan hüýrün, perisini,
seret, synla möjekleri,
geýsin goýun derisini,
ursun, çapsyn goýun, guzy,
ýa uçjaklar, ýa ýol aşjak,
ogurlasyn ganat, aýak,
ýa başynda ak telpegi,
ýa elinde demir taýak,
ýa aty bar, ýa eşegi,
ýa düýeli, hatabanyň
arkasynda bukular bek,
her kim özi bolar diňe,
galar diňe özi bolup,
seniň işiň bilmek, görmek,
goparjak kän berseň goluň...

Her kim özi bolup ýazar,
goşgusyny, kyssasyny,
suratçylar surat alyp,
görer güýzüň gussasyny,
bolsa gussa öz gözünde,
ýok, bolmasa görmez ony,
basyp geçip ýapraklary,
guşy gözlär asmandaky,
bolsa uçjak ganatlary,
ýa düşürjek öz deňine,
hiç kim bolsa geçirjek däl,
ýa deňinden, ýa öňüne...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026