Esasy jogapkärçilik
Sen adamyň jogabyn ber,
dişinde et galdyrma hiç,
pikir etse bassam, geçsem
bolýar diýip elmydama,
ýöne gaty gyssanma, giç
bolsun käte berlen jogap,
ar diýsinler, diýsinler öç,
ýa saklaýar uzak kitüw,
sen adamyň jogabyn ber,
aljagyny bildirip goý,
soragyny boş galdyrma,
nähäk degse, kakyp geçse,
ýa süzýkense gürrüň edip,
bor-bolgusyz gören ýerde,
ýa kast etse eli gelip,
diýip, belki, ýok ederin,
sen adamyň jogabyn ber,
görsün gözüň, ýok hederiň,
diňe wagtyn saýla gowy,
goý, kim bolsun wezipesi,
berilmedik jogap bilen
goçak bolar pesiň pesi...