Pragaly gojanyň zeýrenji

Adam biraz köp içipdir,
ýa-da gaty argyn, otur,
diňle diýdi meni biraz,
metro boşlaw, kän däl adam,
nätanyşyň göwnün ýykman,
dyzym epdim, menem ýadaw...

Diýdi hemme bilýär gowy,
adam hukuklary oýun,
oýun ähli kanun, kada,
din-imanlar, gymmatlyklar
oýun kileň, oglan bolup,
başda gaty ynanýarsyň,
soň garyplar, ezilen il,
zorluk görýän çagajyklar,
ýa aýallar, gyzlar, ýesir,
gul ýa gyrnak ýaşaýyşy,
o çetinde giň dünýäniň,
bu çetinde giň dünýäniň,
ýogsa ýurdy garybam däl,
düşündirýär, açýar gözüň,
manysy ýok köp manyly,
lenç edilen gowy sözüň,
ähli dilde, kitaplarda
şol bir ýagdaý, adamlary
aldaýarlar, aýlaýarlar
barmak uçda, aldanmadyk
ýok edilýär rehimsiz,
hemme kişi bilýär gowy,
bolan bolup bilmedikden,
aman galýar iki gün kän...

Otly geldi, diýdim gidýän,
sen gidiber, ýylgyrdy ol,
men dynç alşy dowam edýän...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026