Gömülýän aryk

Ozal sowet mejburlygy,
soň garaşly garaşsyzlyk,
ýaratdy kän ýarawsyzy,
hassalary ak köýnekli,
penjek geýen, gowusyndan,
ynanmaýan hiç bir zada,
öz-özüne iň ozaly,
gülen bolýan ýalan, nadan
saýan bolýan başgalary,
iň ýamany ýekebaş däl,
çül-çagaly, maşgalaly...

Diýseň adam ýaly turup,
durup aýak üstünde bek,
bir-biregi sylap, aýap,
süýşäýeli öňe biraz,
bakyp dünýä, goňşulara,
synanyşyp iň bolmanda,
gülýär hassa hassa saýyp,
oýun eden bolýar ömür,
durmuş bilen depýän, ýykýan,
kän söz bilen diýmese-de,
diýýän işi bilen sen kim,
badak salýan her ädimde,
ozal sowet adamlary,
soň garaşly gullar, azan,
arasynda şahyr-da bar,
ilim diýip goşgy ýazan...

Kimi batdy Garagumda,
kimi ýitdi Stambulda,
kanun, kada edip ýalan,
ýapa degmez toslamany,
özün döwlen adamlary,
abat ýaly, saýlap alyp,
çekip alyp batgalykdan,
goýduk iliň depesinde,
alar ýaly para-peşgeş,
berer ýaly ýokarlaryk,
şeýdip akýar ýa gömülýär,
ata-aba biziň aryk...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026