Uzak ölüm
Ol adamlar, ýanyňda ýok,
söz sözleseň ýüregiňden,
gaçýar bary gyrgy gören
serçe ýaly göterilip,
gynanýarsyň, alajyň ýok,
görýän güni agyr, ýöne
saýlan özi, alan özi,
maňlaý diýip, ýazgyt diýip,
diýip Alla gowy bilýär,
ol adamlar gaçýar hakdan,
hem horlanyp, uzak ölýär.