Iberilmedik hat

Sebäp seniň eneň, ataň,
öwretmedi düşündirip,
görkezmedi gözüň açyp,
görmelini, bilmelini,
okadyjy okatmady,
on, onbäş ýyl mekdeplerde,
gatnasaň-da päpkäň süýräp,
islemän däl, bilmän, belki,
hökümetler, hanlar öňki,
şalar ýa-da halyfatlar,
gelen galyň kitaplary,
köneleri ýakdy, ýykdy,
täzeleýän diýip bilip,
ýa-da bilmän näme edip,
nämeleri goýýanyny,
öz gözlerin oýýanyny,
sen bir hamyr çagalykda,
soň bir saklan, gazetleri,
žurnallary okama-da,
sorag bermän, doga ýaly,
gyra goý-da kitaplary,
otur pikir edip biraz,
ýesir, gula ýazdyrylan,
bilmeýäne näme ýazýar,
gyzýar haýsy ot-ojakda,
ýa giripdir işe nädip,
näme üçin, çörek gözläp,
pikir, ýol däl, aljyrana,
satlyk sürä seretme sen,
gorpdan bökýän ata-baba,
gözle guly, satylmadyk,
satylmajak satylsa-da,
öz-özüni sylaýan hem
pes görmeýän hiç bir şadan,
kiçeldenden kiçi bolup,
bolma gömük, nadan adam!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026