Içdäki çaga
Kä ýaralar bitmeýär,
ganamaýar, garaşýar,
belki, bile galmaly,
sanjy bolup böwrüňde
diýdi o gün birisi,
açyp ýapyk ýüregin,
hem paýlaşdy goşgular
bölüminde ýylgyrman,
diýdi gorkup ulaldym,
gypjyn-gypjyn, okap däl
ertekiler kitabyn,
ýüz-gözlerin okadym
sözünden öň adamyň,
ýakyn bolsun, ýat bolsun,
bilip susmaly wagtym,
bilip busmaly wagtym,
çagalygym öwretdi
haýsy ýana gaçmagy,
garaşmagy galpyldap,
sowulýança galmagal,
kesilýänçä atyşyk,
ir öwrendim, gaty ir,
diňe dymmak goraýar,
diňe ümsüm oturmak,
galdyrmazlyk başyňy,
ýüzüň aşak, sözüňi
saklamaly özüňe,
dogry, soňra ulaldym,
äýnek dakyp gözüme,
möhüm adam daşymdan,
sagadym bar owadan,
maşynym bar, jaýym bar,
diýmek, gowy gazanjym,
çagalarym sylaýar,
kaka diýýär guwanyp,
emma içde bir gysym,
gorkup otyr bir çaga,
galýar baky endigi,
susup bolanyň aga...