Sapar mirasy

Köpeldikçe garyp-gasar,
baýadykça satlyk topar,
Sapar bildi uruş, gowgaň
tohumyny sepýänini,
mes topraga, ösjek gowy,
açyldykça ara ilden,
alyp onuň ýerin, suwun,
ýykyp jaýyn, obasyny,
itip bergi çukuryna,
mätäçlige, gorkusyndan,
gurgun bolsa birleşerler,
bahyl bolman, bolman öçli,
köp islärler diýip ösüp,
zyndan etdi ýetim ýurdy,
gara basyp, ýatyp bilmän,
açyljak dek ertir ardy,
ýapjak boldy ýapylmazy,
orden bilen, medal bilen,
ýurdy basyp aldy ýalan,
gaçdy ugrun tapan çykyp,
çar tarapa, öýün taşlap,
düşünýänler dymdy agyr,
düşünmeýän diýýär ''Pahyr,
ilim diýip boldy ýagyr''...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026