Aýdylmaýan hakykat
Hakykaty, aýdylmaýan,
belli hemmä, göz ýumulýan,
keýpine däl, howply görüp,
aýtjak bolma görgä galyp,
diňlejek ýok wagty ilki,
ýa salynjak wagty alyp,
daş dek, göni maňlaýyňdan,
etme özüň arzan gülki!
Aýdýan ýok-da diýseler gül,
ýa diýseler aýdyňlyk ýok,
aýdyňlyk bar, köp zat aýan,
il oýnaýar öz oýnuny,
ýeňileniň, ýeňen bolup,
akylly ol, jedel etme,
aýdylmaýan hakykaty,
aýtsaň näme bolýanyny
aýtjak bolma il-günüňe,
düşündirjek bolma halkyň
ýagdaýyny, ýa-da ertir
näme bolar, näme geler,
bilýär olar senden gowy,
şondan käsi gülýär diňe,
bilip agyň peýdasy ýok,
basmak üçin agyrysyn,
içde dogmaz çaga bolan,
ulalmasa il-ulusyň,
bolma asla aga bolan...