Namazdan soňky namaz
Baýram namazyna gelen,
hem sygmadyk metjitlere,
daş işikde, ýa has daşda,
ýol ýakada okan namaz
on adamyň bir, ikisi
uýýan bolsa haka çyndan,
ýüreginden, nep üçin däl,
dat günüňe egri seniň,
ogrulary öňe salan,
kürsi satan köp berene,
Baýram namazyna gelen
ýüz adamyň on, onbäşi,
müň adamyň ýüz sanysy,
bolsa eger, umydym bar,
ogurlyga goşulmadyk,
sözlemedik günde ýalan,
düzüw adam kändir ilde,
altyn, kümşi bolmasa-da,
dat günüňe galat seniň,
metjit gurup, halky talan,
ol gün geler, güýç toplanar,
iýmez ili ýesir alan!
Öňem bardy, öň ateist,
soň gyssanmaç molla bolan,
emma indi başga biraz,
ogry-jümri has baýady,
garyp garyp düşdi örän,
bölündi il öz-özünden,
garşy goýlup bir-birege,
gaty görüp ýeri örän,
türme, sürgün, dul aýallar,
ýetim çaga sanardan kän,
il gözleýär adalaty,
ýaş adamlar, tämiz kalby,
diňe söze ynanmaýar,
aç ýatmaga synanan kän,
dat günüňe doýan seniň,
ýer görmeýän gözi bu gün,
adam saýman hiç gallajy,
uly, kiçi görýär, bilýär
ýurdy ýykan gözi ajy...