Ýene bir gün
Öý, jaý ýarag bolsa döwlet elinde,
bäş, üç begiň jübüsinde ýerleşýä n,
satyn alan galamlyny, kagyzy,
ýazyljagy salyp berip agzyna,
okuw ýarag bolsa döwlet elinde,
çörek puly, ölmez-ödi saklaýan
işler ýarag bolsa köplüge garşy,
ogurlamak üçin wagtyn, sagadyn,
diniň azat, iman azat diýseler,
ynanmasaň bir sözüne güýçliniň,
a ol gaýtalasa ýalanyn soňsuz,
ynanylýan ýaly, görmeýän ýaly
garyp-gasar gözündeki kinäni,
belki, özi güp ynanyp ertekä,
aýtsaň iliň aýdyp bilmez sözüni,
diýjek bolsaň bu bolanok, gowy däl,
edermenler seni duşman edinse,
aryn alsa eneň bilen ataňdan,
doganyňdan, gardaşyňdan töhmeti
top edinip atsa, oky gutarmaz,
durar diýme baky duran ýerinde,
ýene bir gün, ýene bir ýyl gaýrat et,
işiňi et arasynda gerin-de!..