Bentler

Diliň agyrar diýip,
eliň gurar ýazmakdan;
Nadany saklamak müşgül,
öz ýoluny bozmakdan.

***
Ol edil hiç zada düşünmezem däl,
käte-käte diýýär: “Agyr-aý ýagdaý!”
Emma şol ýagdaýy ýeňletmek üçin,
“Jyk” diýýä ýeke söz diýäýseň aýdaý...

***
Oňa şol durmuş ýeterlik,
oňa şol ýaşaýyş bolýar.
Diýýär: “Neden jan çekeýin,
gül bolanam derrew solýar?”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024