Güňlük duzagy
Iller biler seniň bilmeýän zadyň,
eşitmedik zadyň eşider millet,
hemmesi däl, bölek-bölek bilerler,
çalak-çulak biler iller, dymarlar,
biler iller jikme-jigin kä zadyň,
ýazylan dek gazetlerde, žurnalda,
mysal üçin, emel ýeten azanda
kömekçisi bolar onuň ýanynda,
a pidalar, ilki, ozal utanyp,
ýa gorkudan salar içine derdin,
ýöne örän gadym döwürden bäri,
gowak suratlaryn synlasaň, görseň,
adam aýtjak bolup synanýar mydam
görenini, bilýänini, syzanyn,
arman ony baýadykça baýlar kän,
güýçlendikçe beg bolanlar birleşip,
susdurýarlar, busdurýarlar gazeti,
žurnallary ýapyp, gaýtalanýar bu,
iller bilenlerin bilmedik bolýar,
eşidenin aýdyp ýörmeýär adam,
diwar gurup özi daşyna bilmän,
pida bolan, köpeldiklçe sanlary,
birleşmeýär, has-da dargaýar, sada,
kütekleşýär millet ýitelmä derek,
eşitmeýär olar gygyrsaň näçe,
ýagty gerek, azat metbugat gerek...