Altyn asyr duzagy
O birleri, bu birleri,
at-ýaragy gurat bolup,
uzak ýoly gysga edip,
däri ýükün tutup boldan,
gury ýerden, dag-deňizden
geçip, aşyp, ýat ýerleriň
baýlygyna gözi gidip,
gözi gidip boýlaryna,
saglygyna aýallaryň,
dişlerine, ak, owadan,
erkekleriň, ýaragy ýok,
ýa bolany örän sada,
aňsat boldy bul-a diýip,
öldürmäge ökde bolan,
talan döwrün, gyran döwrün
altyn asyr atlandyrýar,
a biziňki, diňläp böwrün,
okuw jaýyn, mekdep ýylyn,
bejerjegi il saglygyn
azaltmaly diýdi ilki,
soň jenaýat köpeldikçe,
tirýek döküp obalara,
ýalan bolup ýaran, höwri,
süren döwrün tä ölýänçä
altyn asyr atlandyrdy,
gorkýar millet şindem örän,
adyn tutman diýýär öňki,
heýkeli dur, ýykyljak däl,
gerek birne işi çünki...