Senzura duzagy
Her gün irden turup, duýýaryn kem-kem
öňki höwes, hyjuwlarym azalýar,
düzedesim gelýärdi öň dünýäni,
durmuşyny garyplaryň, ezilen,
mekdepleri duzak bolup öňünde,
çagalykdan ogurlanan ynamy,
umytlary, başga ýola sowulyp,
ýöne indi bilýän ilki ezilen,
içi öçden, öýke-kineden doly,
ildeşlerim urar elime gaty,
ýykylan ýollary düzetjek bolsam,
ýa düzetjek diýip atsam haýbaty...
Ozal näme gördüň, agyr ýatlama
gelýär ýene, näçe kowsam gitmedik,
ýylgyrýaryn, ýygnan bolup özümi,
kän görünmän, ýylba-ýyldan kiçelýän,
gaçan güýjüm, oba gidip her gije,
çagyrýaryn, geläý diýip yzyňa,
gelmeýär ol, ýa-da gelse doly däl,
emma güýçli bolan bolup turýaryn,
maşk edýärin boldugyndan, dyzmaç däl,
kän bir sesim çykaramok, sebäbi
gulaklarym biler öňki däldigin,
seredemok aýna, durup öňünde,
öňki ýaly saçym darap, guwanyp,
sepinsem-de duhisinden oglumyň,
her ýyl berýän doglan günüm gelende,
soňra çykýan, işe gidýän iş güni,
dynç günlerim gezim edýän birsellem,
pikir gelse, telefonym elimde,
ýazyp alýar, gaçyramok hiç ýere,
ýöne bilýän, köp pikirim gizlärin,
ýal bolasym gelmän agzy gan şere...