Göwün duzagy
Okadyjy bolsaň mekdepde baryp,
çagalara, öý işlerin etmedik,
gatyny açmadyk kitap, depderiň,
öz hakyky bahasyny goýmak däl,
ýaňzytmagam boldy gadagan, çünki
ýykmaly däl göwnün görünýän bolsa,
gelýän bolsa irden turup okuwa,
diýmek durmuş öý işleriň etmek däl,
okamak däl çagalykdan, bilmeýän,
öwrenmeli zadyň öwrenip günde,
öz-özüňi taplamak däl, ösmek däl,
diňe gelmek görünmeli ýerlere,
soňra gitmek, wagty, sagady gelip,
sorag bermän, hiç mesele döretmän,
iň esasy sapak – ünsüm bolmaly,
galmaly sen şol bir duran ýeriňde,
gymyldaman, ýa bildirmän kimdigiň,
başga pikir edýäniňi içiňden,
ýat tutmaly aýdylmaly sözleri,
ähli dilde meňzeş olar, ekiz dek,
öz sözüňi içde bogmaly, belli
eger işden, ýa okuwdan kowulyp,
gara donly bolup galmajak bolsaň,
entemejek bolsaň ömür boýuňa,
goşulmaly tabyn tirä köp ilde,
muny bilýän, bilmeýän bar, esasy
aýtma kimsä irräk aňlasaň gül-de...